https://turkmensport.com/habarlar/dembele-onki-ret-eden-sertnamasy-boyunca-ylalasmaly-bolar/CfRrFNLCc9wfgm6.jpg

Usman Dembele “Barselona” bilen şertnamasyny uzaltmaga ýakyn.

Žurnalist Hawi Migeliň habaryna görä, oýunçy dekabr aýyndan bäri yzygiderli ret eden teklibi kabul etmäge golaý.

Oýunçy Hawä jaň edip, baş tälimçiden klubuň başlygy Joan Laporta bilen gepleşik geçirmegi haýyş etdi. Hawi “Barsanyň” täze teklip bermejekdigini, şonuň üçin oýunçy galmak islese, öňki teklip edilen şertleri kabul etmelidigini aýtdy.

Geçen möwsümde La Liganyň 21 oýnunda Dembele 1 top geçirip, 13 asist berdi.