https://turkmensport.com/habarlar/dc-2022-yapon-oyuncylary-we-jankoyerleri-gorelde-gorkezyarler/6siktIzOhulMJVK.jpg

Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň oýunçylary Germaniýa bilen geçirilen duşuşykdan soň (1:2), eşik çalşylýan otagdaky zatlary tertibe saldylar.

FIFA-nyň metbugat gullugynyň habaryna görä, ýaponlar eşik otagynda origami goýup gidipdirler.



«Dünýä çempionatynyň dördünji gününde Germaniýadan taryhy ýeňiş gazanylandan soň, ýapon janköýerleri stadiondaky zir-zibilleri arassaladylar. Ýapon topary bolsa geýim otagyny tertibe salyp gidipdirler. Ajaýyp iş. Sag boluň» diýip, FIFA ýazdy.

Şuňa meňzeş ýagdaý Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň oýunçylary we janköýerleri bilen 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynda hem boldy.

Çeşme: fifa.com