https://turkmensport.com/habarlar/dc-2022-neymar-sikes-aldy-ronaldo-rekord-goydy/D1IOxaD8kXtXPCP.jpg

Braziliýanyň milli ýygyndysy 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň toparçasynyň 1-nji tapgyrynda Serbiýany utdy (2:0). Wideo Teswir

Braziliýalylara ýeňiş getiren gollaryň ikisini-de Rişarlison geçirdi (62, 73). Bu duşuşykda ýygyndynyň esasy oýunçysy Neýmar şikes aldy. Ýygyndynyň lukmanlary onuň şikesi barada heniz belli bir zat aýdanoklar.

Şeýle hem penşenbe güni Şweýsariýa Kamerundan (1:0) üstün çykdy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 48-nji minutda Embola geçirdi. Wideo Teswir

Urugwaý — Günorta Koreýa duşuşygy deňlikde tamamlandy (0:0). Wideo Teswir 

Portugaliýa ýygyndysy kynlyk bilen Ganany utdy (3:2). Bu duşuşykda gol geçiren Ronaldo taryhda bäş dünýä çempionatynda gol salan ilkinji futbolçy boldy. Wideo Teswir

Gollar:

1:0 – 65, Ronaldo (penalti), 1:1 – 73 Aýýu, 2:1 – 78 Žoau Feliks, 3:1 – 80 Rafael Leau, 3:2 – 89 Bukari.

Çeşme: turkmensport.com