https://turkmensport.com/habarlar/cempiondan-6-golly-yenis-we-benzemanyn-modricin-rekordlary/juSznh0DNrQmJdZ.jpg

La Liganyň 36-njy tapgyrynda "Real Madrid" "Lewanteden" 6:0 hasabynda üstün çykdy. Winisiusyň ilkinji gezek het-trik (45', 68', 83') eden oýnunda, Mendi (13'), Benzema (19'), Rodrigo (34') bir gezek tapawutlandy. Wideo Teswir

Oýunda bir gol geçiren Karim Benzema, "Real Madridiň" iň köp gol geçiren oýunçylarynyň sanawynda ikinji orunda duran Raul bilen deňleşdi — 323.

Bu netijä ýetmek üçin Benzema 603, Raula bolsa 741 oýun gerek boldy.

"Real Madridde" 450 top geçiren Kristiano Ronaldonyň yzyndan ýetmek üçin fransuz oýunçysyna ýene 127 gol geçirmek gerek.

Luka Modriç bolsa oýunda üç ýardam pasyny berdi. Netijede, horwatiýaly futbolçy Ispaniýa çempionatynyň şu möwsüminde bir oýunda üç asist eden ilkinji oýunçysy boldy.

La Ligada bir oýunda 3 asistlik netije gazanan iň soňky oýunçy, 2020-nji ýylyň fewral aýynda "Barselonanyň" düzüminde "Real Betisden"(3:2) üstün çykan Lionel Messi bolupdy.

Çeşme we surat: Google