https://turkmensport.com/habarlar/celsinin-kapitany-sertnamasyny-uzaltdy/UBM6oiRHr8Il3y2.jpg

«Çelsi» goragçy Sezar Aspilikuetanyň şertnamasynyň möhletiniň uzaldylandygy barada beýanat ýaýratdy.

2012-nji ýyldan bäri bu kluba wekilçilik edýän ispan oýunçysy bilen baglaşylan täze şertnama indiki iki möwsümi öz içine alýar.

«Sezaryň azyndan ýene iki ýyl «Çelside» galjakdygyna örän şat. Heniz bilelikde etmeli köp zadymyz bar!» diýip, «Çelsiniň» ýolbaşçylarynyň biri Todd Boeli aýtdy.