https://turkmensport.com/habarlar/carwadarlaryn-iv-butindunya-oyunlary-tamamlandy/ItFjvwbLrQHfyf6.jpg

29-njy sentýabr - 2-nji oktýabr aralygynda, Türkiýe Respublikasynyň Bursa welaýatynyň Iznik etrabynda Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlary geçirildi. Bu oýunlarda ýurdumyza 26 türgen wekilçilik etdi. Olar Watanymyza uly üstünlik ― 24 medal bilen dolandylar.

Biziň ildeşlerimiz medallary alyş göreşiniň nusgawy we erkin usullary, kuraş hem-de gazak göreşleri boýunça gazandylar. Medallaryň 6-sy altyn, 7-si kümüş, 11-si bürünç medallardyr.

Türkmen türgenleri alyş göreşiniň nusgawy görnüşi boýunça hormat münberine alty gezek çykdylar. Gazanylan medallaryň biri altyn, ikisi kümüş, üçüsi bürünç medallardyr. Bu usul boýunça 100 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Atajan Rozmyradow hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Sylapberdi Nuryýew 80, Naziýa Joraýewa 75 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medalyň eýesi boldular. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa Hemra Aşyrow (60 kilogram) bilen Jemal Öwlýägulyýewa (70 kilogram) hem-de Arslan Hojamberdiýew (90 kilogram) dagylar çykdy.

Türkmenistanly türgenler alyş göreşiniň erkin usuly boýunça has köp üstünlik gazandylar. Olar bu usul boýunça jemi dokuz gezek hormat münberine çykdylar. Erkin usuldaky altyn medallarymyzy 100 kilograma çenli agram derejesinde Pälwan Gurbangeldiýew, 70 kilograma çenli agram derejesinde Jemal Öwlýägulyýewa, 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde Nurmuhammet Baýdogdyýew we 90 kilograma çenli agram derejesinde Derýa Abdyýew dagylar gazandylar. Abdyresul Durdyýewiň (60 kilogram), Meýlis Gulgeldiýewiň (70 kilogram), Gülnara Joraýewanyň (65 kilogram) kümüş medal gazanan ýaryşynda Annagurban Allaberdiýew (80 kilogram) bilen Naziýa Joraýewa (75 kilogramdan ýokary) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Oýunlaryň kuraş göreşi boýunça ýaryşlarynda biziň ildeşlerimiz medallaryň her derejesinden birini gazandylar. Zenanlaryň arasynda 63 kilograma çenli agram derejesinde Kamila Pardaýewa taý tapylmady. 78 kilograma çenli agram derejesinde Aziza Kurbanowa kümüş, 90 kilograma çenli agramda bolsa Işanmyrat Ataýew bürünç medalyň eýesi boldular.

Gazak göreşi boýunça geçirilen ýaryşlar biziň ildeşlerimize 5 medal bagyşlady. Bu göreş boýunça iň ýokary netijäni 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde Tejen Tejenow gazanyp, ol ýaryşy kümüş medal bilen tamamlady. 60 kilogramda Begli Meretgeldiýew, 65 kilogramda Kamila Pardaýewa, 55 kilogramda Jumahal Kurbanowa, 65 kilogramdan ýokary agram derejesinde Aziza Kurbanowa dagylar bolsa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Türkmenistanly türgenler Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlaryndaky 24-nji medalyny tatar göreşinden gazandylar. Bu üstünligi 100 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazanan Nobatgeldi Nazarow öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, türkmenistanly türgenler Çarwadarlaryň yzda galan dört sany bütindünýä oýunlarynda gazanan medallarynyň sanyny 81-e çykardylar. Biziň ildeşlerimiz 2014-nji ýylda 6 (3 altyn, 3 bürünç), 2016-njy ýylda 24 (15 altyn, 3 kümüş, 6 bürünç), 2018-nji ýylda 27 (10 altyn, 5 kümüş, 12 bürünç) medal gazanypdylar.

Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlary Gazagystanda geçiriler.