https://turkmensport.com/habarlar/burunc-medala-bir-adim-yetmedi/d1FMTIBNaOctIEO.jpg

Türkmenistanly agyr atletikaçy Şatlyk Şöhradow Aziýa çempionatynda 89 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, dördünji orna mynasyp boldy. Ýaryşyň Bahreýnde geçirilýändigini ýatladýarys.

Türkmenistanly türgen ştangany galdyrmagyň iki görnüşiniň jemi boýunça 350 kilogramlyk netije görkezdi. Şunda onuň ştangany silterläp galdyrmakdaky netijesi 160, iteklemekde bolsa 190 kilograma ýetdi.

Bu agram derejesinde birinji orny gazagystanly türgen Asyljan Bektaý (362), ikinji orny gyrgyzystanly Emil Moldodosow (361), üçünji orny bolsa eýranly Masud Çatrai (358) eýeledi.

Manama şäherinde geçirilýän Aziýa çempionaty 16-njy oktýabrda tamamlanar.