https://turkmensport.com/habarlar/bolt-printer-paylady/LF0rIsqulI9BxWZ.jpg

Ýeňil atletika boýunça sekiz gezek Olimpiýa çempiony, ýamaýkaly sprinter Huseýn Bolt sosial ulgamlarda printer, skaner we beýleki kompýuter enjamlaryny öndürýän iň uly öndürijilerden biri bolan «Epson» bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada habar berdi.

Şeýle hem türgen Ýamaýkadaky çagalara bilim berýän edaralara sowgat eden köp sanly printerleri bilen baglanyşykly suratlaryny ýerleşdirdi.

Bolt: «Epson Europe» bilen hyzmatdaşlygymyzy giňeldýändigimize we Ýamaýkanyň dürli ýerlerindäki mekdebe çenli çagalar baglaryna we başlangyç mekdeplerine 125 sany printer sowgat berýändigime buýsanýaryn» diýip ýazdy.

Boltuň sport çykyşlarynda 8 gezek dünýä rekordyny goýandygyny ýatladýarys. Ol yzygiderli üç Olimpiýa oýunlarynda (Pekin 2008, London 2012 we Rio-de-Žaneýro 2016) 100 we 200 metr aralyga ylgamakda ýeňiji bolan ýeke-täk türgendir.