https://turkmensport.com/habarlar/boks-boyunca-2023-nji-yyldaky-dunya-cempionatynyn-geciriljek-yeri-kesgitlenildi/VF1Aj3ESqcJnAwm.jpg

Boks boýunça 2023-nji ýyldaky dünýä çempionaty 1 ― 14-nji maý aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriler. Bu barada Halkara boks federasiýasynyň (IBA) prezidenti Umar Kremlýow düýn geçiren metbugat maslahatynda maglumat berdi.

Özbegistandaky dünýä çempionatynda baýraklaryň rekord derejesi goýlar. Has takygy, çempionatyň umumy baýrak gaznasy 5,2 million amerikan dollaryna ýeter. Onda dünýä çempionlary 200 müň, kümüş medalyň eýeleri 100 müň, bürünç medalçylar bolsa 50 müň dollar baýrak alar.