https://turkmensport.com/habarlar/basketbol-3x3-boyunca-yygyndylarymyz-singapurda-geciriljek-aziyanyn-kubogyna-gatnasar/x7ni0j8zrzfHO2m.jpg

Ýurdumyzyň basketbol 3x3 boýunça erkekler hem-de zenanlar ýygyndylary 22-nji iýundan 4-nji iýul aralygynda, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek halkara ýoldaşlyk duşuşyklaryna gatnaşarlar. 6 — 10-njy iýul aralygynda bolsa türkmen ýygyndylary FIBA tarapyndan Singapurda geçiriljek 3x3 basketbol boýunça Aziýanyň kubogyna gatnaşarlar.

Ýoldaşlyk duşuşyklarynda hem-de yklymyň kubogy ugrundaky ýaryşda çykyş etjek zenanlar ýygyndymyza Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirliginiň 1-nji derejeli oýunçylary, halkara derejeli sport ussatlary Aýna Gökowa, Nigýara Nagiýewa, «Lebaptaslama» Döwlet taslama institutynyň Inžener ulgamlar toparynyň tehnigi Leýla Halilowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýol gurluşyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Zybagözel Hydyrowa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Dilfuza Azizowa hem-de Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň türgeni Ýulduz Joraýewa dagylar wekilçilik eder.

Erkekler ýygyndymyzda bolsa Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyplary Ýewgeniý Nazipow hem-de Ysmaýyl Arazmämmedow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda bilim alýan Annaguly Hojagulyýew bilen Alihan Bekçanow, sport ussatlygyna dalaşgär Merdan Hojamedow we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 1-nji Ýöriteleşdirilen gurnama dolandyryş edarasynyň kömekçi işçisi Kerim Mämmetmyradow dagylar bar. Şeýle-de, birnäçe ätiýaçdaky basketbolçylar bu sanawyň üstüni ýetirerler.

Milli ýygyndylarymyzyň tälimçileri hökmünde Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 11-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Toýly Baýryýew bilen Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirliginiň basketbol boýunça tälimçisi Aleksandr Paşkow ýoldaşlyk duşuşyklaryna hem-de ýaryşa gatnaşarlar. Şeýle-de, türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň agzalary Bahar Mahtumowa bilen Ýelena Gasanowa girer.