https://turkmensport.com/habarlar/barselona-gamper-kubogyny-aldy/8B6t5J8rl1QNLeB.jpg

«Barselona» Gamper kubogy ugrundaky oýunda «Pumasy» utdy.

Katalon klubunyň täze transferi Lewandowski bu oýunda bir gol geçirdi we iki asist berdi.

«Barselona» Ispaniýa — «Pumas» Meksika – 6:0 (4:0, 2:0)

Gollar: 1:0 — Lewandowski (3), 2:0 — Pedri (5), 3:0 — Dembele (10), 4:0 — Pedri (19), 5:0 — Obameýang (49), 6:0 — de Ýong (84).

«Barselona» bu kubogy yzly-yzyna onunjy gezek gazandy. Topar kubok ýaryşynda soňky gezek 2012-nji ýylda «Sampdoriýadan» utulypdy. Ikinji orunda «Köln» kluby durýar — topar bu kubogy iki gezek eýeledi.