https://turkmensport.com/articles/barsa-yitgiler-bilen-myhmancylykda/3XlZE4DRLdHvTys.jpg

Hepdäniň dynç günleri Ispaniýanyň La Ligasynda 7-nji tapgyryň nobatdaky oýunlary oýnalar.

Şu tapgyrda uly gyzyklanma bilen syn ediljek oýunlaryň biri hem “Malýorka” bilen “Barselona” toparynyň duşuşygydyr.

Oýun şu gün ýarygije Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da “Malýorkanyň” “Iberostar” stadionynda oýnalar.

“Malýorka” La Ligada 6 oýundan soň, 8 utugy bilen 10-njy orunda barýar. “Malýorka” ýaly orta taply topar üçin şeýle netije kanagatlanarly kabul edilýär. Olaryň öňünde esasy maksat indiki möwsümde hem La Ligada çykyş etmekdir.

“Barselona” 6 oýundan soň, 16 utuk toplamagy başardy. Hawiniň şägirtleri diňe bir oýunda ýeňiş gazanyp bilmediler. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem La Ligada çempion bolmagy maksat edinýän “Barselona” bu oýunlarda 18 gol geçirip, öz derwezesinden diňe 1 gol geçirdendir.

Hawa, Hawiniň şägirtleri çempionaty şowly başladylar. Topar transfer penjiresinde ýeterlik ýagdaýda güýçlendi. Muňa garamazdan häzirki wagtda “Barselona” La Ligada 2-nji orunda barýandyr. Şu günki oýunda “Barselona” gürrüňsiz faworitdir.

Oýundan öň toparlaryň ýagdaýy...

“Barselona” möwsümde ilkinji gezek goragda kynçylyklary çekip biler

“Barselona” milli ýygyndylaryň geçiren oýunlaryndan soň, esasy düzümiň wajyp oýunçylaryna bil baglap bilmez. Kunde, Arahua, ýaly esasy düzümiň goragçylary milli ýygyndydan şikesli ýagdaýda dolandylar. Eýsem bu ýitgiler diňe goragdakylardyr.

Olardan başga golaý wagtda şikesleri zerarly Memfis Depaý, Frenki de Ýong ýaly zehinli ýarymgoragçylar toparyna ýardam edip bilmezler. Üstesine topara täze goşulan Ektor Belerin hem şikeslidir.

Lewandowskiniň toparda bolmagy şikesli oýunçylaryň ýoklugyny wagtlaýynça ýatlatmaz

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski “Barselonada" ýeterlik uýgunlaşdy. Ol möwsümiň başyndan netijeli oýuny görkezip gelýär. Robertiň “Barselonanyň” düzüminde çykyş etmegi topar üçin uly artykmaçlykdyr. Lewandowski La Ligada iň köp gol geçiren oýunçylaryň sanawynda häzirki wagtda 1-nji orunda barýandyr. Şu möwsümde ezber hüjümçi La Ligada 8 gol geçirendir.

“Malýorka” “Barselona” bilen deňlikde oýnap bilse-de topar üçin uly üstünlik bolar

Hawa, bu günki oýunda “Barselona” uly faworitdir. Olaryň bu oýunda “Malýorkany” utmagyny futbol hünärmenleri hem çaklaýarlar. Ýöne bu şeýle aňsat bolaýarmyka?

“Malýorka” öz meýdançasynda möwsümiň başynda “Barselona” garşy mynasyp oýuny görkezip biler.

Belki-de Hawiniň şägirtleri garşydaşyny derbi-dagyn hem edip bilerler. 2010-njy ýyldan bäri “Barselona” “Malýorkany" utup gelýändir.

Ýöne şu günki duşuşykda “Barselonanyň” esasy düzüminde uly üýtgeşmeleriň bardygyny hem belläliň. “Malýorka” oýunyň 1-nji ýarymynda derwezesini aman saklamagy başaryp biler.

Ýöne ýene-de hüjümdäki oýunçylaryň ýokary ussatlyk derejesiniň hasabyna “Barselona” ýeňşe ýakyndyr.

Çaklanylýan maglumat:

Oýunyň birinji ýarymynda 1 goldan kän geçmez;

“Barselona” azyndan 2 gezek tapawutlanmagy başarar;

Iki topar hem tapawutlanyp biler;

Hasap 0:2, 0:3 ýa-da 1:2 bolar;

Oýunda görkezilen sary kartlaryň sany 5-e ýetmez;

Duşuşykda standart ýagdaýy kän bolmaz. Burçdan urlan urgularyň sany 12-ä ýetmez;

Oýunda R.Lewandowski netijeli tapawutlanyp biler;

Oýunda penalty bolup biler.