https://turkmensport.com/habarlar/azmunyn-topardasy-ronaldony-kumiri-hasaplayar/9zDYLJRfyuXyAyi.jpg

Patrik Şik, Kristiano Ronaldonyň Ýewro-2004-de kumiri bolandygyny aýtdy.

— Bir wagtlar ol meniň kumirimdi, men onuň oýunlaryny yzarlap başlanymda Ronaldo on dokuz ýaşyndady.

— Siz başlangyç futbolçy hökmünde Ronaldodan görelde aljak bolduňyzmy?

— Ýewropa çempionatynda onuň altyn öwüsýän aýakgaplary bardy, elbetde, menem şolar ýaly aýakgap isläpdim. Aýakgaplaryň haýsy brendiň önümidigini hem bilemokdym, ýöne şony halanymy bilýän. Ine, ähli zat şeýdip başlandy.

— Soňra nähili boldy?

— Men internetde Ronaldonyň wideolaryny görüp, onuň hereketlerini gaýtalamaga synanyşýardym. Ýöne wagtyň geçmegi bilen birini gaýtalamaly däl-de, özüň bolmalydygyňa düşünýäň.

Men başga biriniň nusgasy bolmak islemedim we öz ýolumy tapdym» diýip, «Baýeriň» we Çehiýanyň ýygyndy toparynyň hüjümçisi aýtdy. Onuň sözlerini «Idnes» paýlaşdy.

Türkmen asylly eýranly futbolçy Serdar Azmunyň hem «Baýerde» çykyş edýändigini ýatladýarys.