https://turkmensport.com/habarlar/azmun-ejem-kakamdan-sonky-gorenim-at-bolupdy/A1dtDdpPqGruwsv.jpg

“Baýeriň” asly türkmen bolan eýranly hüjümçisi Serdar Azmun özüniň 52 atynyň bardygyny aýtdy.

“Häzirki wagtda olar örän köp, şonuň üçin olaryň atlaryny hem ýatdan çykarýaryn.

Ýöne oýunlardan öň atlarym bilen bagly wideorolik görýärin. Dostlarym ýa-da maşgala agzalarym maňa atlarym barada ýazgy ibermegi ýatdan çykarsalar, muňa çynym bilen gaharym gelýär. Men atlary gowy görýärin we futbolçy hökmünde karýerýamy tamamlanymdan soň, olar bilen has köpräk wagt geçirerin.

Doglanymdan soň ilki ejemi, soň kakamy, soň bolsa atlarymyzy gördüm. Ene-atamyň uly fermasy bardy, kakamyň, daýymyň we atamyň atlary bardy.

Çagalygymda aýlawlara gidýärdim. Atlar meniň bar höwes edýän zadymdy. Men olar hakda köp zat bilýärin. Ilkinji atymy 17 ýaşymda satyn aldym” diýdi.

Azmunyň nemes kluby bilen baglaşan şertnamasy 2027-nji ýyla çenli dowam edýär. Geçen möwsümde Serdar toparyň düzüminde 9 oýun oýnap, 1 top geçirdi we 1 ýardam pasyny berdi.