https://turkmensport.com/habarlar/aziyanyn-kubogy-2022-turkmenistanyn-futzal-yygyndysynyn-ilkinji-dususygyna-haysy-yaylymda-tomasa-edip-bolar/RBeGbzzjVzEdsbX.jpg

Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2022-niň Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek açylyş duşuşygy Täjigistanyň «Warziş» telelýalymynda göni ýaýlym arkaly ýetiriler. Bu barada telekompaniýanyň resmi saýty habar berdi.

Göni ýaýlym şu gün Aşgabat wagty bilen 12:50-de başlanar. Bu ýaýlym Türkmenistanda IPTV arkaly hem elýeterlidir.

Şeýle hem şu gün «B» toparçada Bahreýn ― Täjigistan, «A» toparçada Yrak ― Tailand hem-de Kuweýt ― Oman duşuşyklary geçiriler.