https://turkmensport.com/habarlar/aziyanyn-cagalarynda-nobatdaky-medaly-nurana-hezretowa-gazandy/tHUEOd85a721Ut4.jpg

Türkmenistanly samboçy Nurana Hezretowa «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda 65 kilograma çenli agram derejesinde üçünji orna mynasyp boldy.

Oýunlara Türkmenistanyň 62 türgen bilen gatnaşýandygyny ýatladýarys. Olar sportuň 9 görnüşi boýunça medallar ugrunda göreşýärler.

Häzire çenli Türkmenistan 9 medal toplady. Oýunlaryň medal sanawynda Türkmenistan 10-njy orny eýeleýär.

Oýunlar 8-nji awgustda tamamlanar.