https://turkmensport.com/habarlar/aziyanyn-cagalary-turkmenistana-yene-bir-altyn-iki-burunc-medal/RL869DUm3YQy3w3.jpg

«Aziýanyň çagalarynyň» sport göreşi boýunça ýaryşlarynyň üçünji gününde türkmenistanly ýaş pälwanlar bir altyn we iki bürünç medal gazandylar.

Altyn medaly 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Umyt Kakalyýew gazandy. 62 kilogramda Mekan Hudaýberenow bilen 38 kilogramda Söhbet Nuryýew dagylar bolsa, medal gaznamyza bürünç medallary goşdular.

Oýunlaryň 8-nji awgustda tamamlanjakdygyny ýatladýarys. Oňa 13 döwletden 13―16 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň 273-si sportuň 19 görnüşi boýunça gatnaşýarlar.