https://turkmensport.com/habarlar/aziyanyn-cagalary-erkin-gores-boyunca-iki-medal/w7cmS1V0VqwE1mI.jpg

«Aziýanyň çagalary» VII halkara sport oýunlarynda türkmen türgenleri ýene iki medal gazandylar.

Ýagny, Söhbet Nuryýew erkin göreş boýunça 38 kilogram agram derejesindäki bäsleşikde şowly çykyş etdi. Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 25-nji orta mekdepde okaýan ýetginjek Moskwadan, Saha Respublikasyndan, «Deňizýaka-2» toparyndan, Uraldan, Sibirden hem-de Özbegistan Respublikasyndan gelen garşydaşlaryny ynamly ýeňmegiň hötdesinden geldi we oýunlaryň bürünç medalyna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň agzasy, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Mekan Hudaýberenow 8 topardan bolan türgenleriň 8-siniň gatnaşmagynda geçen erkin göreş boýunça 62 kilogram agram derejesindäki ýaryşa gatnaşdy.

Mekan aýgytly duşuşyklarda Özbegistan Respublikasyndan hem-de Russiýa Federasiýasynyň sebitlerinden bolan garşydaşlaryny ýeňdi we halkara sport oýunlarynyň bürünç medalyny eýelemegi başardy.