https://turkmensport.com/habarlar/aziyadan-we-afrikadan-gelen-futbolcylar-premyer-ligada-mowsumin-in-gowy-oyuncysy-diyen-ada-eye-bolyarlar/9pBVG2aK2FnoBLR.jpg

Angliýanyň premýer-ligasynda (APL) «Möwsümiň oýunçysy» diýen ada dalaşgärleriň arasynda «Liwerpulyň» hüjümçisi Muhammet Salah (Müsür) bilen «Tottenhemiň» hüjümçisi Son Hyn-Min (Günorta Koreýa) bar diýip, APL-iň metbugat gullugy habar berýär.

Beýleki dalaşgärleriň arasynda «Mançester Sitiniň» ýarymgoragçysy Kewin de Bruýne, «Liwerpulyň» goragçysy Trent Aleksandr-Arnold, «West Hemiň» oýunçysy Jarrod Bowen, «Mançester Siti» toparynyň goragçysy Žoau Kanselu, «Arsenalyň» ýarymgoragçysy Bukaýo Saka we «Sautgemptonyň» ýarymgoragçysy Jeýms Uord-Prouz bar. Ýeňiji Premýer-liganyň 20 toparynyň kapitanlarynyň, futbol hünärmenleriniň we janköýerleriň arasynda geçiriljek ses berişligiň netijesi boýunça kesgitlener.

Angliýanyň premýer-ligasynda «Möwsümiň tälimçisi» diýen ada dalaşgärleriň arasynda Tomas Frank («Brentford»), Josep Guardiola ("Mançester Siti"), Eddi Hau («Nýukasl»), Ýurgen Klopp («Liwerpul») we Patrik Wiýeýra («Kristal Pelas») dagy bar. Bu ýerde ýeňiji janköýerleriň we futbol hünärmenleriniň arasyndaky pikir soraşmanyň jemi boýunça belli ediler.

Çeşme: fnk.net  

Surat: mirror.co.uk