https://turkmensport.com/habarlar/azat-bayryyew-kubana-dolandy/A1IsFk6pAySBqKO.jpg

Merkezi goragçy Azat Baýryýew “Kuban” bilen şertnama baglaşdy. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär.

33 ýaşly futbolçy “Kubanyň” uçurymydyr. “Rotoryň” öňki oýunçysy toparda 28-nji belgilde oýnar.

Azat Nebitdagda doglandygy barada 2013-nji ýylda geçirilen söhbetdeşlikleriň birinde ýatlap geçýär: “Kakam türkmen, ejem rus. Men Türkmenistanda, Nebitdag şäherinde doguldym we bäş ýaşymda Russiýa göçdük”.

Azat Baýryýew “Salýut”, “Dinamo Brýansk”, “Alanýa”, “SKA-Energiýa”, “Zenit Penza” we “Wolgar” toparlarynda-da oýnady. Baýryýew “Rotorda” 2018-nji ýylyň tomsundan bäri oýnaýar. Ol Wolgograd topary üçin geçirilen 93 oýunda bäş top geçirip, bir ýardam pasyny berdi.

Goragçy ozal “Kubanda” 104 oýunda meýdança çykyp, üç top geçirdi we dört asist berdi. Azat Baýryýew “Kubana” erkin agent hökmünde gaýdyp geldi. “Transfermarkt” onlaýn portaly goragçynyň transfer bahasyny 225,000 ýewro diýip çaklaýar.