https://turkmensport.com/habarlar/awstraliya-acyk-yarys-bilen-hoslasan-tenniscide-koronawirus-anyklanyldy/6NcipUlYkey3Dww.jpg

Fransiýaly tennisçi Ugo Hambert «Awstraliýa Açygyň» ilkinji tapgyrynda watandaşy Riçard Gaskuetden utulyp, ýaryşy terk edipdi.

Şondan soň Awstraliýadan Watanyna dolanmak üçin test barlaglaryny tabşyran tennisçide, koronawirusyň alamatlary tapyldy. Bu barada onuň özi habar berdi.

Has takygy, ol bu barada «Instagramdaky» şahsy hasabynda: «Men gitmäge rugsat almak üçin barlagdan geçdim. Netije gowy däl. Indi bir hepde Melburnda izolýasiýada bolaryn. Goldanyňyz üçin köp sag boluň!» diýip ýazdy.