https://turkmensport.com/habarlar/awstraliya-acyk-switolina-kyncylyk-bilen-ucunji-tapgyra-cykdy/rE1cS5hjkC561gJ.jpg

«Awstraliýa Açykda» zenanlaryň arasyndaky ýaryşyň ikinji tapgyrynda dünýäniň 17-nji raketkasy Elina Switolina kynçylyk çekdi. Ukrainaly tennis melikesi WTA-nyň reýtinginde 107-nji orny eýeleýän fransiýaly garşydaşy Harmoni Tany doly bolmadyk üç döwüň netijesinde ýeňdi.

Tan üçünji döwüň altynjy oýnundan soň duşuşygyny dowam etdirip bilmedi. Şeýlelikde, duşuşyk Switolinanyň peýdasyna 6/3, 5/7, 5/1 hasabynda tamamlandy.

Duşuşyk 2 sagat 7 minut dowam etdi.