https://turkmensport.com/habarlar/awstraliya-acyk-rublyow-hem-ucunji-tapgyrda/B5Sf24IYXXdlTMn.jpg

Dünýäniň 6-njy raketkasy Andreý Rublýow «Awstraliýa Açykdaky» ýoluny üstünlikli dowam etdirýär.

Russiýaly tennisçi ikinji tapgyrda, sanawyň 93-nji ornundaky garşydaşy, litwaly türgen Riçard Berankisi 6/4, 6/2, 6/0 hasaplary bilen kynçylyksyz ýeňdi.

107 minut dowam eden duşuşykda 24 ýaşly Rublýow 13, 31 ýaşly Berankis bolsa 2 gezek eýs urgusyny amala aşyrdy.

Tennisçileriň özara duşuşyklaryndaky umumy hasap Andreýiň peýdasyna 2:1.

Rublýowyň üçünji tapgyrdaky garşydaşy horwatiýaly tennisçi Marin Çiliç bolar. Ol öz gezeginde slowakiýaly Norbert Gomboşy ýeňipdi.