https://turkmensport.com/habarlar/awsrtaliya-acyk-dunyanin-ikinji-raketkasy-kyncylyk-bilen-yenis-gazandy/Agxv5ZihN41Ha0f.jpg

«Awstraliýa Açygyň» ikinji tapgyrynda dünýäniň ikinji raketkasy Arina Sobolenko, WTA-nyň reýtinginde 100-nji orny eýeleýän hytaýly garşydaşy Sin Ýu Wany kynçylyk bilen ýeňdi.

Ilkinji döwde 1/6 hasabynda utulan belarusly tennisçi soňky döwlerde 6/4, 6/2 hasaplary bilen ýeňşi öz tarapyna çekmegi başardy.

5 minudy kem 2 sagatlap dowam eden duşuşykda 23 ýaşly Sobolenko we 20 ýaşly Wan 5 gezek eýs urgusyny amala aşyryp bildi.

Tennisçiler biri-biri bilen ilkinji gezek duşuşdylar.

Indi Arina üçünji tapgyrda çehiýaly Marketa Wondrouşowa bilen duşuşar.