https://turkmensport.com/habarlar/asgabat-turkmenistanyn-kubogynyn-yarym-finalynda/veGWNoNJwrMFa58.jpg

«Aşgabat» futbol topary Türkmenistanyň kubogynyň çärýek finalyndaky ilkinji duşuşykda «Köpetdagdan» 2:3 hasabynda ýeňlendigine garamazdan, düýn «Nusaý» stadionynda geçirilen jogap duşuşygynda garşydaşyna bu artykmaçlykdan peýdalanmagyna mümkinçilik bermedi. Tersine, jogap duşuşygynda has ynamly çykyş eden paýtagtyň adybir topary 4:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

«Aşgabadyň» ýarym finaldaky garşydaşy Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary bolar. Ýarym final duşuşyklary 26-njy oktýabrda we 22-nji noýabrda geçiriler.

«Aşgabat» – «Köpetdag» – 4:0

Gollar: 8, 66 (11 m.j.u.) Pirmyrat Sultanow, 68 Nurýagdy Muhammedow, 86 Şatlyk Gurbanow.

Duýduryşlar: 44 Hydyrgeldi Atdjanow, 72 Nurýagdy Muhammedow – 37 Baýramgeldi Gulmaýew, 64 Serdarmyrat Baýramow, 71 Batyrgylyç Berdiýew, 77 Ambýar Mahmudow.

Geçirilen ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.).