https://turkmensport.com/habarlar/asgabadyn-kubogy-kopetdag-bir-sanawda-altyn-asyrdan-hem-onde/LiyQ4FKgLhB995A.jpg

Futbol boýunça Aşgabadyň kubogynyň ilkinji iki tapgyrynda derwezelere 15 pökgi geçirildi. Bary-ýogy dört toparyň bäsleşýän ýaryşynda munuň özi ýokary görkezijidir.  

6 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýän «Altyn asyr» derwezelere pökgi girizmekde hem garşydaşlaryndan öňe saýlanýar. «Aragatnaşykçylar» iki duşuşykda derwezelere jemi 8 pökgi geçirdiler.

Utuklarynyň arasynda tapawut bar hem bolsa, «Köpetdag» bilen «Aşgabat» geçiren pökgüleri boýunça deň görkezijä eýelik edýär. Iki duşuşykda toparlaryň hersi 3 gezek tapawutlandy. Ýaryş tertibiniň ahyrky ornundaky «Ahal-2»-niň futbolçylary bary-ýogy bir gezek tapawutlanyp bildiler.

Häzire çenli ýaryşda derwezesini iň sak goran topar «Köpetdagdyr». Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary iki duşuşykda derwezesine bary-ýogy bir pökgi goýbertdi. Şeýle-de, «Altyn asyr» 3, «Ahal-2» 5, «Aşgabat» bolsa 6 pökgä çäre tapyp bilmedi.

Öz habarçymyz.