https://turkmensport.com/habarlar/asgabadyn-kubogy-in-netijeli-futbolcylar-kimler/aHTrd5aW4kbSYj9.jpg

Futbol boýunça Aşgabadyň kubogynyň ilkinji iki tapgyrynda jemi 11 futbolçy tapawutlandy. Bir futbolçy bolsa öz derwezesine pökgi geçirdi.

«Aşgabatdan» Merdan Gurbanow, «Altyn asyrdan» bolsa Nurmyrat Rozyýew bilen Myrat Annaýew paýtagtyň kubogy ugrundaky ýaryşda iň kän tapawutlanan futbolçylardyr. Olaryň üçüsi hem ilkinji iki duşuşykda 2 pökgüden geçirdiler.

«Ahal-2»-den Nurýagdy Baýramow bolsa yzda galan dört duşuşykda öz derwezesine pökgi geçiren ýeke-täk futbolçydyr.

Umuman, tapawutlanan futbolçylaryň 5-si «Altyn asyra», 3-si «Köpetdaga», 2-si «Aşgabada», galan biri bolsa «Ahalyň» ýaşlar düzümine degişlidir.

11 futbolçy we bir awtogol arkaly dört duşuşykda derwezelere 15 pökgi geçirildi.

Öz habarçymyz.