https://turkmensport.com/habarlar/asgabadyn-kubogy-iki-tapgyrdan-son-haysy-topar-nacenji-orunda/N7f7pjCCKiXx7Iv.jpg

Şu gün futbol boýunça Aşgabat şäheriniň kubogy ugrundaky ýaryş 3-nji tapgyryň duşuşyklary bilen dowam eder. Eýsem, ilkinji iki tapgyrdan soň ýaryş tertibi nähili barýar?

Iki duşuşykda hem ýeňiş gazanan «Altyn asyr» 6 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. «Aragatnaşykçylar» iň ýakyn bäsdeşi «Köpetdagdan» 2 utuk öňde. Iki duşuşygyň birinde ýeňip, birinde deňme-deň oýnan «Köpetdagda» 4 utuk bar.

Ilkinji duşuşygynda «Altyn asyrdan» utulan, ikinji duşuşygynda «Köpetdag» bilen deňme-deň oýnan «Aşgabadyň» 1 utugy bar. «Ahalyň» ýaşlar düzümi bolsa iki duşuşykda hem garşydaşlaryndan asgyn gelip, toparçada iň soňky orny eýeleýär.

Ýeri gelende bellesek, toparlar ilki iki aýlawdan ybarat bolan duşuşyklarda özara bäsleşerler. Onuň netijesinde ilkinji iki orny eýelän toparlar finalda çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Beýleki iki topar bolsa, üçünji orun ugrunda geçiriljek oýunda güýç synanyşar.

Öz habarçymyz.