https://turkmensport.com/habarlar/asgabadyn-kubogy-asgabat-bilen-ahal-2-ilkinji-yenis-ucin-guyc-synanysar/iY33fvXfzFKznBs.jpg

Bir günlük arakesmeden soňra, şu gün futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrundaky ýaryş 3-nji tapgyryň duşuşyklary bilen dowam eder.

Sagat 15:30-da «Aşgabat» stadionynda başlanjak duşuşykda ýaryşa şowsuz girişen iki topar ― «Ahal-2» bilen «Aşgabat» güýç synanyşar. Iki tapgyrdan soň «Aşgabadyň» 1 utugy bar. «Ahalyň» ýaşlar düzümi bolsa iki duşuşykda-da garşydaşlaryndan asgyn geldi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy duşuşygyň baş emininiň Begenç Allaberdiýew boljakdygyny habar berdi. Oňa Ahmet Jumamyradow bilen Hanmyrat Gurbanow meýdanyň iki gyrasyndan ýardam berer. Ätiýaçda bolsa Akmyrat Jumaýew durar. Şeýle-de, TFF duşuşyga gözegçilik etmegi Eldar Ramazanowa ynandy. Oýnuň komissary Hanmuhammet Atanyýazow bolar.

Çeşme: tff.com.tm