https://turkmensport.com/habarlar/asgabadyn-kubogy-altyn-asyr-birinji-aylawyn-ahyrynda-utuk-yitirdi/z7VppvIcefZxGm3.jpg

Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony «Altyn asyr» Aşgabadyň kubogy ugrundaky ýaryşda ilkinji gezek utuk ýitirdi. Topar düýn 3-nji tapgyryň çäginde «Köpetdag» bilen 3:3 hasabynda deňme-deň oýnady.

Bu duşuşykdan soňra utugyny 7-ä çykaran «Altyn asyr» henizem ýaryşyň başyny çekýär. Ikinji orundaky «Köpetdag» bolsa 5 utuga çykdy.

“Köpetdag” – “Altyn Asyr” – 3:3

Gollar: 52 Begenç Akmämmedow (11 m.j.u), 58 Möwlamberdi Goşşanow (öz derwezesine), 90+3 Serdargeldi Baýramow (“Köpetdag”) – 17 Möwlamberdi Goşşanow, 80 Begmyrat Baýow, 83 Myrat Annaýew (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 15 Şazada Bäşimow, 15 Serdarmyrat Baýramow, 23 Şamämmet Hydyrow, 69 Döwletýar Berdiýew, 83 Ýazgylyç Gurbanow (“Köpetdag”) – 28 Nurmyrat Rozyýew, 40 Mekan Saparow, 51 Güýçmyrat Annagulyýew (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Akmyrat Gurbanow

Kömekçi eminler: Eziz Ýazmyradow, Myrat Nurberdiýew

Ätiýaçdaky emin: Jumamyrat Jumamyradow

Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejepow

Oýnuň komissary: Rustam Japarow

Çeşme: tff.com.tm