https://turkmensport.com/habarlar/asgabadyn-kubogy-altyn-asyr-bilen-kopetdag-birinji-orun-ucin-goreser/Gf0DTCBoXJUIDNY.jpg

Akmyrat Gurbanow futbol boýunça Aşgabadyň kubogy ugrundaky ýaryşyň 3-nji tapgyrynyň çägindäki «Köpetdag» ― «Altyn asyr» duşuşygynyň baş emini bolar. Oňa meýdanyň iki gyrasyndan Eziz Ýazmyradow bilen Myrat Nurberdiýew ýardam berer.

TFF duşuşygyň ätiýaçdaky emini hökmünde Jumamyrat Jumamyradowy, gözegçi emini hökmünde Hudaýnazar Rejebowy belledi. Duşuşygyň komissary Rustam Japarow bolar.

«Aşgabat» stadionynda geçiriljek duşuşyk sagat 18:00-da başlanar.

Iki tapgyrdan soň «Altyn asyryň» 6, «Köpetdagyň» bolsa 4 utugynyň bardygyny ýatladýarys.

Çeşme: tff.com.tm