https://turkmensport.com/habarlar/asgabadyn-kubogy-ahal-2-ilkinji-utugyny-gazandy/2KUIHOGmZTwkNE3.jpg

«Ahalyň» ýaşlar düzümi Aşgabat şäheriniň kubogy ugrundaky ýaryşda ilkinji utugyny gazandy. Topar 3-nji tapgyrda «Aşgabat» bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.

«Aşgabat» stadionynda geçirilen duşuşygyň netijesi paýtagtyň adybir toparyna 2-nji utugyny getirdi. Duşuşykda baş emin Begenç Allaberdiýew «Ahal-2»-niň bir, «Aşgabadyň» bolsa iki futbolçysyna sary duýduryş kartyny görkezdi.

“Ahal II” – “Aşgabat” – 0:0 

Duýduryşlar: 50 Nurýagdy Baýramow (“Ahal II”) – 50 Batyr Täçnazarow, 50 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Begenç Allaberdiýew

Kömekçi eminler: Ahmet Jumamyradow, Hanmyrat Gurbanow

Ätiýaçdaky emin: Akmyrat Jumaýew

Gözegçi emin: Eldar Ramazanow

Oýnuň komissary: Hanmuhammet Atanyýazow .

Çeşme: tff.com.tm