https://turkmensport.com/habarlar/asensio-bilen-dias-realdan-gider/B58caFtY4XuI2Eh.jpg

«AS»-yň habaryna görä, «Real Madridiň» ýarymgoragçysy Marko Asensio we hüjümçi Mariano Dias 2023-nji ýylyň tomsunda klubdan çykarlar.

2023-nji ýylyň tomsunda klubuň esasy toparynyň ýedi oýunçysynyň şertnamalarynyň tamamlanýandygy bellenilýär. Ýolbaşçylar Toni Kroos bilen Karim Benzema üçin täze şertnama teklip eder. 

Goragçy Naço Fernandes bilen hem şertnamany bir ýyl uzaltmak barada gepleşikler dowam edýär. Ýarymgoragçy Dani Sebalosyň geljegi heniz belli däl.

Asensio bilen Mariano klubdan çykar. Ozal «Barselonanyň» Asensio bilen gyzyklanýandygy habar berildi. 26 ýaşly Asensio şu möwsümde «Real Madridde» 4 gezek çykyş edip, bir gol geçirdi. 29 ýaşly Mariano bolsa bir duşuşykda meýdança çykdy.