https://turkmensport.com/habarlar/arsenalyn-liderligini-saklamagy-dowam-edyar/sZJHhJnch6r6Gao.jpg

Angliýanyň Premýer-ligasynyň 9-njy tapgyrynda «Arsenal» «Tottenhemi» (3:1) utdy.

«Arsenalyň» düzüminde Tomas Parti, Gaby Jezus we Granit Jaka tapawutlandy. Harri Keýn «Tottenhem» üçin penaltiden bir gol geçirdi.

«Tottenhemiň» goragçysy Emerson Roýal 62-nji minutda oýundan çykaryldy.

Şeýlelikde, «Arsenal» 8 oýundan soň 21 utuk toplady (Angliýanyň ýokary ligasynyň 7-nji tapgyrynyň oýunlary Ýelizaweta II-niň aradan çykmagy sebäpli yza süýşürildi) we Angliýanyň çempionatynda öňdeligi dowam etdirýär.