https://turkmensport.com/habarlar/arsenal-wieyranyn-transferini-yglan-etdi/bdlCSHSrmj3IYPM.jpg

“Arsenal” “Portonyň” geçen möwsümde iň köp ýardam pasyny beren oýunçysy Fabio Wieýra bilen şertnama baglaşdy.

London kluby “Portonyň” ýarymgoragçysy bilen 2027-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşylandygyny resmi ýagdaýda tassyklady.


22 ýaşly oýunçynyň transferiniň “Arsenala” 40 million ýewro düşjekdigi öňdenem mälimdi.

Şeýle-de, 5 million ýewro bonus görnüşinde beriler we bu töleg sport üstünliklerine bagly bolar. Bonuslaryň “Arsenal” Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanan ýagdaýynda, şeýle hem, oýunçynyň klub üçin zerur mukdarda oýun oýnanda işjeňleşýändigi öňe sürüldi.

Geçen möwsümde ýarymgoragçy Portugaliýa çempionatynyň 27 oýnunda alty top geçirip, 14 asist etdi we “Portonyň” iň köp ýardam pasyny beren oýunçysy boldy.