
Amerikanyň IT kompaniýasy «Apple» iňlis kluby «Mançester Ýunaýtedi» satyn almak mümkinçiligini öwrenýär.
Çeşmäniň habaryna görä, baş direktor Tim Kuk «Mançester Ýunaýtedi» satyn almagy göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, ol klubuň satuwyna gözegçilik edýän banklar bilen gepleşiklere başlamakçy.
«Mançester Ýunaýtediň» häzirki eýeleri Gleýzer maşgalasy satuwdan 9,6 milliard ýewro gazanmak isleýär. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda kluby beýle mukdarda satmagyň mümkin däldigi aýdylýar.
Gleýzerler 2005-nji ýylda «gyzyl şeýtanlary», takmynan, 800 million dollara satyn aldylar.
Häzirki wagtda 16 tapgyrdan soň «Mançester Ýunaýted» 26 utuk bilen Premýer-liganyň sanawynda bäşinji orunda durýar.
Çeşme: dailystar.co.uk