https://turkmensport.com/habarlar/ankaradan-hos-habarlar/mpV1UaXtS49CYJd.jpg

Türkiýe Respublikasy paýtagty Ankara şäherinde geçirilýän Naim Süleýmanoglunyň ýadygärligine bagyşlanan agyr atletika boýunça halkara ýaryşynda ildeşlerimiz şowly çykyş edýärler.

55 kg-de bäsleşen ildeşimiz Ogulgerek Amanowa ştangany birbada hem-de itekläp götermekde kümüş medallara eýe boldy. 

Erkekleriň ýaryşynda bolsa 67 kg-de bäsleşen Hydyrberdi Ýagmyrow tapawutlandy. Ol itekläp götermekde üçünji orny eýeledi. Iki görnüşiň jemi boýunça hem hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldi.