https://turkmensport.com/habarlar/ancelotti-men-azara-jogap-bererin/uDsBWenAVv3PToc.jpg

Karlo Ançelotti Eden Azaryň «Real Madriddäki» oýun wagty barada teswir berdi.

«Her bir futbolçy öz ýagdaýyny bilýär, bu belli zat. Bir oýunçy menden düşündiriş islese, men oňa jogap bererin. Emma Eden meniň bilen düşünişmäge gelmedi. Ol topardaky bäsleşigiň gaty ýokarydygyna düşünýär» diýip, Ançelotti aýtdy. Onuň sözlerini «Marca» paýlaşdy.

Belgiýaly ýarymgoragçy şu möwsüm La Ligada Madrid kluby üçin üç gezek çykyş etdi.