https://turkmensport.com/habarlar/amerikaly-figuralayyn-typyjy-ginnesin-rekordlar-kitabyna-girdi/8BKUS2YzTNwdslN.jpg

Gelip çykyşy russiýaly bolan amerikaly figuralaýyn typyjy Ilýa Malinin Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Ol bir bökende dört aýlaw eden dünýäde ýeketäk türgen boldy.

17 ýaşly figuralaýyn typyjynyň başaranyny ozal ýaponiýaly Ýudzuru Hanýu bilen russiýaly Artur Dmitriýew hem synag edip görüpdi, ýöne olar muny başarmandylar.

Malinin bu rekordy 15-nji sentýabr güni «U.S. International Classic» ýaryşynda goýdy. Mundan öň bir böküşdäki aýlawlar üçin aňryçäk 12,5 utuk alyp bolýan bolsa, Malinine 13,5 utuk berildi. Ol iň ýakyn bäsdeşi ― fransiýaly Kewin Aýmozdan 21 utuk öňe saýlanyp, ýaryşyň çempiony bolmagy başardy.

Malinin ABŞ-da figuralaýyn typyjylar Roman Skornýakow bilen Tatýana Malilinanyň maşgalasynda dünýä indi. Bu maşgalanyň wekilleri Russiýada doguldylar, geçen asyryň 90-njy ýyllarynda ýaryşlarda Özbegistanyň adyndan çykyş edip, 1998-nji ýylda ymykly ABŞ-a göçüp gitdiler.