https://turkmensport.com/habarlar/alwares-ringe-dolanjak-wagtyny-malim-etdi/7YTJFl3mCqn9Iei.jpg

Pound-for-pound reýtinginiň öňki lideri we ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) häzirki dünýä çempiony meksikaly Saul Alwarez (58-2-2, 39 KO) ringe dolanjak wagtyny mälim etdi.

«Ellerim eýýäm bejerildi. Dikeldiş gaty gowy gidýär we hiç zat gijigrer öýdemok. Meniň duşuşyklarym elmydama maý we sentýabr aýlarynda bolýar. Maý aýyna çenli taýýar bolaryn öýdýärin» diýip, Saul aýtdy. Onuň sözlerini «bet365» paýlaşdy.

Sentýabr aýynda geçirilen soňky duşuşygynda Alwares Gazagystanyň ýyldyzy Gennadiý Golowkini (42-2-1, 37 KO) eminleriň biragyzdan kararlary bilen (116-112, 115-113, 115-113) ýeňdi.