https://turkmensport.com/habarlar/alwares-bu-menin-watanym-ucin-mohum/pZ13E86qpXVSgFc.jpg

Meksikaly boksçy Saul Alwares russiýaly Dmitriý Biwol bilen jogap tutluşygyny geçirmek isleýär.

«Men Biwol bilen jogap tutluşygyny soraýaryn. Bu tutluşyk meniň sport ýolum, özüm we Watanym üçin zerur. Biz hökman bu tutluşygy geçiräýmeli» diýip, TASS onuň aýdanlaryny habarynda getirýär.

Alwaresiň 18-nji sentýabrda Las-Wegasda bolan tutluşykda gazagystanly Gennadiý Golowkini ýeňendigini ýatladýarys. Meksikaly boksçy eminleriň gelen karary bilen ýeňiji diýlip yglan edildi we çempionlyk guşagyna eýe boldy.

Şu ýylyň 7-nji maýynda bolan tutluşykda bolsa Biwol Alwaresden üstün çykypdy.