https://turkmensport.com/habarlar/altyn-het-trik-eden-oyuncylar/oKipM7DkssXMBMn.jpg

Dünýä çempiony, Ýewropa çempiony bolan ýa-da Çempionlar ligasyny we “Altyn topy” alan sekiz oýunçynyň sanawyny size hödürleýäris. Lionel Messi bilen Kristiano Ronaldo ýaly tanymal oýunçylara bu sanawa girmek häzirlikçe nesip edenok.

Frans Bekkenbauer


Nemes futbolunyň rowaýaty oýunçysy Ýewropa kubogynda üç gezek (1974, 1975, 1976), dünýä çempionatynda bir gezek (1974) ýeňiji boldy. Iki gezek bolsa “Altyn topy” (1972, 1976) almagy başardy.

Bobbi Çarlton


1966-njy ýylda dünýä çempionatynda ýeňiji boldy we “Altyn topy” aldy. Iki ýyldan soň bolsa, gazanan üstünliklerine Ýewropa kubogyny goşdy.

Gerd Müller


1974-nji ýyldan 1976-njy ýyla çenli “Bawariýanyň” düzüminde Ýewropa çempionatynyň kubogyny (KEÇ) aldy. Şeýle-de, ol 1974-nji ýylda Germaniýanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Hüjümçi “Altyn topy” 1970-nji ýylda aldy.

Paolo Rossi


1982-nji ýylda Italiýanyň ýygyndysy bilen dünýä çempionatynda ýeňiji boldy we şol bir wagtyň özünde, “France Football”-dan baýrak aldy. 1985-nji ýylda futbolçy KEÇ-iň ýeňijisi boldy.

Riwaldo


1999-njy ýylda "Altyn topy" aldy. 2002-nji ýylda dünýä çempionatynda we bir ýyldan soň, Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy.

Ronaldino


Ilki bilen dünýä çempionatynda (2002) ýeňiji boldy. Soňra 2005-nji ýylda “Altyn topa” mynasyp boldy. 2006-njy ýylda bolsa, “Barselona” bilen Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy.

Kaka


2002-nji ýylda dünýä çempiony boldy. 2006/2007 möwsüminde “Milan” bilen Çempionlar ligasynda ýeňiji bolup, “Altyn topy” aldy.

Zinedin Zidan


1998-nji ýylda dünýä çempiony we şahsy netijelere görä berilýän esasy baýragyň eýesi boldy. Ol 2001/2002 möwsüminde iň abraýly klub kubogyny aldy.

Surat: google.com