https://turkmensport.com/habarlar/altyn-asyr-ii-topary-iki-oyunda-alty-utuk-toplady/lcSeHFvGZK2cMJe.jpg

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Bu tapgyryň çäginde “Ahal II” topary bilen duşuşan “Altyn Asyryň” ýaşlar düzümi 3:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, utugyny alta ýetirmegi başardy. Şeýlelikde, iki tapgyryň jemi boýunça 6 utuk toplan “Altyn Asyr II” ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

Myhmançylykda “Nebitçi II” topary bilen duşuşygyny 4:4 hasabynda deňlikde tamamlan “Şagadamyň” ýaşlar düzümi iki tapgyryň jemi boýunça dört utuk toplap, ýaryş tertibinde ikinji basgançakda ornaşdy.

Bu tapgyryň beýleki duşuşyklarynda “Merw II” “Energetik II” toparyndan, “Aşgabat II” bolsa “Köpetdagyň” ýaşlar düzüminden üstün çykdylar.

2-nji tapgyryň duşuşyklary:

“Energetik II” – “Merw II” – 1:2

“Aşgabat II” – “Köpetdag II” – 2:1

“Nebitçi II” – “Şagadam II” – 4:4

“Altyn Asyr II” – “Ahal II” – 3:1