
Ozal habar berşimiz ýaly, paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” hem-de “Köpetdag” toparlary AFK-nyň Kubogy – 2022-niň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş ederler. Ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony “Altyn Asyr” Merkezi Aziýa sebitiniň “E” toparçasynda “SSKA-Pamir” (Täjigistan), “Sogdiana” (Özbegistan) hem-de “Neftçi” (Gyrgyz Respublikasy) toparlary bilen bäsleşer. Bu toparçanyň duşuşyklary 24 — 30-njy iýun aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Duşenbe şäherinde geçiriler.
Geçen möwsüm futbol çempionatymyzy dördünji orunda tamamlan “Köpetdagyň” garşydaşlary Gyrgyz Respublikasynyň “Dordoý” hem-de Täjigistanyň “Hujand” toparlary bolar. Merkezi Aziýa sebitiniň “F” toparçasynyň duşuşyklary 24 — 30-njy iýun aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Bişkek şäherinde geçiriler.
Geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde her toparçanyň ýeňijisi AFK-nyň sebit bäsleşiginiň aýgytlaýjy duşuşygynda güýç synanyşmaga mümkinçilik alarlar.
Ýaryşyň tertibi AFK-nyň resmi web sahypasynda çap edildi.
“F” toparça (geçirilýän ýeri: Duşanbe, Täjigistan)
1-nji tapgyr, 24-nji iýun (anna)
19:00 (Aşagabat wagty) “Sogdiana” (Özbegistan) – “Neftçi” (Gyrgyz Respublikasy)
22:00 “Altyn Asyr” (TÜRKMENISTAN) – “SSKA-Pamir” (Täjigistan)
2-nji tapgyr, 27-nji iýunda (duşenbe)
19:00 “Neftçi” (Gyrgyz Respublikasy) – “Altyn Asyr” (TÜRKMENISTAN)
22:00 “SSKA-Pamir” (Täjigistan) — “Sogdiana” (Özbegistan)
3-nji tapgyr, 30-njy iýun (penşenbe)
19:00 “Sogdiana” (Özbegistan) — “Altyn Asyr” (TÜRKMENISTAN)
22:00 “SSKA-Pamir” (Täjigistan) — “Neftçi” (Gyrgyz Respublikasy)
“E” toparça (geçirilýän ýeri: Bişkek, Gyrgyz Respublikasy)
1-nji tapgyr, 24-nji iýun (anna)
19:00 “Köpetdag” (TÜRKMENISTAN) — “Hujand” (Täjigistan)
2-nji tapgyr, 27-nji iýunda (duşenbe)
19:00 “Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy) — “Köpetdag” (TÜRKMENISTAN)
3-nji tapgyr, 30-njy iýun (penşenbe)
19:00 “Hujand” (Täjigistan) — “Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy)