https://turkmensport.com/habarlar/alp-arslan-begenjow-aziya-cempionatynda-altyn-medala-mynasyp-boldy/Xovj0OsEvClGvzA.jpg

Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde erkin göreş boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionaty dowam edýär. 

Şu gün, 21-nji iýunda ýetginjekleriň arasyndaky bäsleşikde 65 kilograma çenli agramda çykyş eden Alp Arslan Begenjow altyn medala mynasyp boldy. Ol finalda özbegistanly türgenden üstün çykdy — 9:6. Galereýa

Alp Arslan Begenjow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Batyr Orazgylyjowyň ýolbaşçylygynda tälim alýar.