https://turkmensport.com/habarlar/aleksis-sances-yakyn-wagtda-interi-terk-eder/XzJqxcGlZ4a65zq.jpg

Hüjümçi Aleksis Sançes ýakyn günlerde «Interden» çykar.

33 ýaşly çilili oýunçy Milanyň kluby bilen şertnamany ýatyrmak barada ylalaşdy. Aleksis «Marsele» geçer diýip, žurnalist Fabrisio Romano Twitterinde ýazdy.

Ýakyn wagtda hemme zat yglan edilmeli. Sançes «Marsel» bilen 2024-nji ýyla çenli şertnama baglaşar.

Aleksis «Interde» 2020-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri oýnaýar. Ol klubda 108 gezek çykyş edip, 20 gol geçirdi we 23 asist berdi.