https://turkmensport.com/habarlar/aleks-pereira-nokautiroval-israelya-adesanyu-i-stal-cempionom-ufc/CirPJivNlho9b3m.jpg

13-nji noýabr gijesi, Nýu-Ýorkuň «Medison Skwer Garden» toplumynda UFC 281 ýaryşy geçirildi.


Agşamyň esasy wakasy orta diwizionyň pälwanlary Israýyl Adesanýa (23-2) bilen Aleks Pereýranyň (7-1) arasyndaky tutluşyk boldy.


Pereýra bäşinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňiş gazanyp, UFC-nyň täze çempiony boldy. Wideo Teswir


Agşamyň esasy ikinji tutluşygynda Karla Esparza (22-7) we Weýli Çžan (23-3) duşuşdy. Weýli Çžan ikinji raundda agyrdyjy emel bilen ýeňiş gazandy we öz agramynda UFC-nyň täze çempiony boldy.


UFC 281-iň beýleki tutluşyklary:


Dastin Porýe (29-7) üçünji raunnda Maýkl Çendleri (23-8) ýeňdi; Wideo Teswir


Kris Gutýerres (19-4-2) birinji raunnda Frenki Edgara (24-11-1) ýeňdi;


Den Huker (22-12) ikinji raunnda tehniki nokaut arkaly Klaudio Puelýesi (13-3) ýeňdi;


Renato Karneýro (17-5-1) birinji raundda agyrdyjy emel arkaly Bred Riddeli (10-4) ýeňdi;


Raýan Spenn (21-7) birinji raundda nokaut bilen Dominik Reýsi (12-4) ýeňdi.