https://turkmensport.com/habarlar/ahalyn-afk-nyn-cempionlar-ligasyndaky-garsydaslary-belli-boldy/d4dn6vDIdCOe2NO.jpg

Şu gün Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişlik dabarasynda, AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş edýän «Ahal» topary öz garşydaşlaryny bildi.

Geçirilen bije çekişligiň netijesinde, “F” toparça düşen “Ahalyň” garşydaşlary «Şabab Al-Ahli Dubaý» (BAE), «Fulad Huzestan» (Eýran) hem-de «Al-Garafa» (Katar) toparlary bolar.

Çempionlar ligasynyň şu möwsüminde toparçalaryň 10-sy bolup, olaryň hersinde dört topar çykyş eder. Bäsleşigiň netijesinde, öz toparçalaryny birinji orunda tamamlan hem-de iň gowy netije gazanyp, ikinji orny eýelän toparlaryň üçüsi ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanar.