https://turkmensport.com/habarlar/ahal-turkmenistanyn-kubogynyn-ikinji-finalcysy-boldy/7sG4gMVxaIBOWqU.jpg

«Ahal» topary Türkmenistanyň Kubogy – 2022-niň ikinji finalçysy boldy. Şu gün geçirilen ýarym finalyň jogap duşuşygynda «Ahal» paýtagtymyzyň «Altyn Asyry» bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. Ýarym finalyň birinji duşuşygynda “Ahal” toparynyň myhmançylykda “Altyn Asyry” 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edendigini ýatladýarys.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky finalda «Ahal» Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» bilen duşuşar. Final duşuşygy şu ýylyň 11-nji dekabrynda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, bu toparlar geçen möwsümde hem Kubok bäsleşiginiň aýgytlaýjy duşuşygynda güýç synanyşypdylar. Şol duşuşyk 1:0 hasabynda «Şagadamyň» peýdasyna tamamlanypdy.

Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň ýarym finalynyň jogap duşuşygy:

«Ahal» – «Altyn Asyr» – 0:0

Bellik: 90+6-njy minutda Altymyrat Annadurdyýew («Altyn Asyr») 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Duýduryşlar: 45 Ilýa Tamurkin, 86 Ata Geldiýew («Ahal») – 45+1 Rahman Myratberdiýew, 62 Ahmet Ataýew («Altyn Asyr»)

Geçirilen ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş).