https://turkmensport.com/habarlar/agyr-atletikacylarymyz-kolumbiyada-geciriljek-dunya-cempionatyna-gatnasar/datT00nNIpgYPNK.jpg

Agyr atletika boýunça milli ýygyndymyz 5 — 16-njy dekabr aralygynda Kolumbiýada geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda çykyş eder. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) resmi saýtynda habar berildi.

Saýtda berilýän habara görä, 67 kilogram agram derejesinde Bunýad Raşidow, 73 kg-de Maksat Meredow, 81 kg-de Rejepbaý Rejepow, 89 kg-de Şatlyk Şöhradow we Şahzadbek Matýakubow, 102 kg-de Dawranbek Hasanbaýew, 109 kg-den ýokary agramda bolsa Hojamuhammet Toýçyýew dagy çykyş eder.

Zenanlaryň arasynda 59 kilogram agramda Medine Amanowa hem-de 81 kg-de Anamjan Rustamowa dünýä çempionatyna gatnaşar.